UEFA Çempionlar ligasy: «PSŽ» bassyr üçünji gezek ýarym finala çyksa, rowaýata öwrülen «Barselona» ahmyrda galdy

MilliInfo

4 sagat öň

UEFA Çempionlar ligasynyň geçen agşam geçirilen 1/4 finalynyň duşuşyklarynyň netijesinde ýarym finalçylarynyň ikisi belli boldy.

«PSŽ» bassyr üçünji gezek ýarym finalda

«Pari Sen-Žermen» myhmançylykda hem «Liwerpuldan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Dembeleniň dubly (72, 90+1-nji minutlar) parižlileriň nobatdaky tapgyra ynamly çykmagyny üpjün etdi. Şeýlelikde, iki duşuşygyň jemi boýunça «PSŽ» 4 gol aratapawudy bilen öňe saýlandy.

Şeýlelikde, fransuz toparynyň nobatdaky garşydaşy şu günki duşuşykda — «Real Madrid» — «Bawariýa» oýnundan soň belli bolar.

«Barselona» ýene-de Madridiň toparyndan asgyn geldi

Myhmançylykda katalonlylardan üstün çykan Madridiň «Atletikosy» jogap duşuşygyny hem ýeňiş bilen jemledi we öz adyny ýarym finalda çykyş etjek klublaryň sanawyna ýazdyrdy.

4-nji minutda Ýamalyň geçiren goly «Barselonanyň» janköýerlerinde uly ynam döretdi. Emma Torresiň 24-nji, Lukmanyň bolsa 31-nji minutda geçiren gollary olaryň umytlarynyň soňuna sogan ekdi. Oýun 2:1 hasabynda madridlileriň peýdasyna tamamlandy. Ýeri gelende bellesek, toparlaryň geçen oýny hem 2:0 hasabynda «Atletikonyň» ýeňşi bilen jemlenipdi.

Madridiň toparynyň ýarym finaldaky garşydaşy şu gün agşam boljak «Arsenal» — «Sporting» jübütiniň arasyndaky duşuşygyň netijesinde kesgitlener.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info