UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy ýyllar möwsüminiň ikinji finalçysy hem belli boldy. Germaniýanyň «Bawariýa» we Fransiýanyň «PSŽ» toparlarynyň arasyndaky oýun «Arena Mýunhen» stadionynda geçirildi. Duşuşygyň baş emininiň wezipesini Joau Pedru Pinýeýru ýerine ýetirdi. Oýun 1:1 hasabyndaky deňlik bilen jemlendi.
Hasaby oýnuň 3-nji minutynda parižlileriň zehinli hüjümçisi Usman Dembele açdy. Duşuşygyň ahyrynda — 90+4-nji minutda «Bawariýanyň» hüjümçisi Garri Keýniň geçiren goly bolsa deňligi emele getirdi.
Belläp geçsek, «PSŽ-niň» rus derwezeçisi Matweý Safonow duşuşygyň dowamynda bäş gezek howply urgyny gaýtarmagyň (seýw etdi) hötdesinden geldi.
Toparlaryň arasyndaky birinji duşuşyk 5:4 hasabynda «PSŽ-niň» peýdasyna tamamlanypdy. Şunlukda, parižliler Çempionlar ligasynyň finalyna çykdylar we onda Londonyň «Arsenal» topary bilen duşuşarlar.
Ýaryşyň 1/4 final tapgyrynda parižliler iki oýnuň jemi boýunça «Liwerpuly» 4:0 hasabynda ýeňipdiler. Mýunhenliler bolsa şol tapgyrda iki duşuşygyň netijesi boýunça Madridiň «Realyny» 6:4 hasabynda ýeňmegi başarypdylar.