FIFA bilen düşünişmezlik UEFA-nyň täze dünýä çempionatyny döretmegine sebäp bolup biler

MilliInfo

1 Awgust, 2026

FIFA bilen düşünişmezlik UEFA-nyň täze dünýä çempionatyny döretmegine sebäp bolup biler

Milli ýygyndylar üçin FIFA-nyň howandarlygynda geçirilýän dünýä çempionatynyň ornuny tutup biljek global ýaryş döredilip bilner. Bu pikire gaýtadan dolanyp gelinmeginiň sebäbi guramalary — UEFA bilen FIFA-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň täzeden ýitileşmegi bilen baglydyr. Muňa bolsa FIFA-nyň dünýä birinjiliginiň täjirçilik hukuklaryny amala aşyrmaga hususy maýadarlary çekmek meýilnamalary sebäp boldy. Eger gapma-garşylyklar has çuňlaşsa, UEFA hatda dünýä çempionatyna hem garşylyk yglan etmegi göz öňünde tutýar.

Şeýle ýaryşyň taýýar konsepsiýasynyň 2017-nji ýyldan bäri bardygy bellenilýär: şol wagt Global Milletler ligasynyň taslamasy işlenip düzülipdi. Bu taslama bitewi dünýä çempionatyny ýedi sany aýratyn mini-ýaryş bilen çalşyrmagy göz öňünde tutýardy. Olaryň hersinde 8 topar (3-si Ýewropadan, 2-si Günorta Amerikadan we Aziýadan, Afrikadan hem-de KONKAKAF-dan 1 topar) 1/4 final tapgyryndan oýnap başlamalydy.

Sekiz ýyl ozal bu başlangyç Janni Infantinonyň täzelenen Klublar arasyndaky dünýä çempionatyny öňe sürmegi sebäpli togtadylypdy, Milletler ligasynyň diňe Ýewropa degişli görnüşi bolsa 2018-nji ýylda başlapdy. Emma häzirki gapma-garşylyk giň gerimli global konsepsiýa ikinji pursady berip biler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info