«UFC 319»: Dýu Plessi — Çimaýew tutluşygyna az wagt galdy

MilliInfo

Garyşyk söweş sungatynyň janköýerlerine uly tutluşyk garaşýar. «UFC 319» ýaryşynyň esasy duşuşygynda çempion Drikus Dýu Plessi bilen Hamzat Çimaýew söweşer.

Tutluşyk 17-nji awgustda ABŞ-nyň Çikago şäherindäki «United Center» arenasynda geçiriler.

Drikus Dýu Plessi dürli söweş usullaryny birikdirip bilýän, uniwersal söweşijidir. El urgulary onuň esasy güýji. Günorta afrikaly çempion garşydaşlaryna demini dürsemäge hem mümkinçilik bermän, oktagonda diňe hüjüm usulyny görkezýär. Yzygiderli urgylary bilen, garşydaşynyň goragynyň gowşak taraplaryny tapýar.

Dýu Plessiniň göreşmek hem-de grepling ukyplary ýokary derejede. Ol hemişe hereketde bolýan hem-de orta agyrlykda çykyş edýän iň ezber garşydaşlaryň biri.

Boýy: 185 sm
Ýaşy: 31 ýaş
Rekordy: 23 ýeňiş, 2 ýeňliş

Hamzat Çimaýew — hakykatdan hem, «UFC-niň» ussat söweşijisi. Asly çeçen bolan Çimaýew fiziki güýç bilen tapawutlanýar we ony göreşde we greplingde ussatlyk bilen ulanýar. Onuň özboluşly hereketleriniň biri — çalt aýaga tarap geçişleri we emelleri.

Emma Çimaýew diňe göreş bilen çäklenmeýär. Ol aýak üstündäki tutluşykda hem birinji bolup hereket edýär. El we aýak urgylaryny ýerlikli ulanmagy başarýan Çimaýew ähli raundlaryň dowamynda ýeňişe tarap hyjuwyny görkezmegi başarýan türgendir.

Boýy: 187 sm
Ýaşy: 31 yaş
Rekordy: 14 ýeňiş, 0 ýeňliş

Dýu Plessi - Çimaýew duşuşygyny haçan we nirede görüp bolar?

«UFC 319» ýaryş agşamynyň esasy tutluşygy 17-nji awgustda irden geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 9:00-da başlanar. Söweşe «Матч ТВ» we «Матч Боец» teleýaýlymlary arkaly tomaşa edip bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo