1-nji fewralda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşinden «UFC 325» ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy tutluşygy ýarym ýeňil agramda «UFC-niň» häzirki çempiony Aleksandr Wolkanowski bilen braziliýaly Diego Lopesiň arasyndaky ikinji duşuşyk boldy.
Tutluşyk bäş raundyň netijeleri boýunça eminleriň biragyzdan gelen karary bilen (49-46, 49-46, 50-45) Wolkanowskiniň doly artykmaçlygynda we ýeňşi bilen tamamlandy. Lopes tutluşygyň dowamynda täsirli garşylyk görkezmegi başarmady we çempionlyk guşagyny eýelemek ugrundaky ikinji mümkinçiliginden hem peýdalanyp bilmedi.
Ýatladyp geçsek, türgenler geçen ýylyň aprel aýynda şol wagt eýesiz galan çempionlyk guşagy ugrunda söweşipdiler. Şonda awstraliýaly türgen eminleriň biragyzdan gelen netijesi esasynda ýeňiş gazanypdy.
Bu duşuşykdan soň Wolkanowskiniň MMA hasaby 28 ýeňişden we 4 ýeňlişden ybarat. Lopesiň hasabynda bolsa 27 ýeňiş we 8 ýeňliş bar.