«UFC-niň» iň meşhur söweşijilerinden biri bolan Konor Makgregor bäş ýyllyk arakesmeden soň oktagona dolandy. Las-Wegasda «UFC 329» ýaryşynyň esasy söweşinde ol öňki garşydaşy Maks Holloueý bilen duşuşdy.
Şeýlelikde, garaşylan gaýdyp geliş Makgregor üçin örän şowsuz tamamlandy. Ol söweşiň birinji raundynyň başynda aýagy bilen urgy geçirmäge synanyşdy we dyzyndan agyr şikes aldy. Makgregor söweşi dowam etdirmäge synanyşsa-da, hereketi uzak dowam etdirip bilmedi. Holloueý pursatdan peýdalanyp, güýçli hüjüme geçdi we emin söweşi bes edip, irland söweşijisine tehniki nokaut berdi.
Bu Makregoryň 2021-nji ýyldan bäri «UFC-däki» ilkinji söweşi boldy. Täze dyz şikesiniň agyrlygy sebäpli, onuň ýene birnäçe aý, hatda has uzak wagt sportdan daşda galyp biljekdigi aýdylýar.
Nobatdaky ýeňşine ýeten Holloueý garşydaşynyň gaýduwsyzlygyny belläp, geljekde olaryň üçünji söweşiniň geçirilmegini isleýändigini aýtdy.
