«UFC-niň» metbugat gullugy guramanyň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçewiň nobatdaky tutluşygy barada habar berdi.
34 ýaşly russiýaly söweşiji 77 kg çenli agram derejesiniň reýtinginde birinji orunda durýan irlandiýaly Ian Maçado Garri bilen duşuşar. Olaryň garşydaşlygy 16-njy awgustda Filadelfiýada (ABŞ) geçiriljek «UFC 330» ýaryşynyň esasy tutluşygy bolar.
Häzirki wagtda Mahaçew «UFC-de» yzly-yzyna 16 ýeňişden ybarat bolan şowly tapgyryny dowam etdirýär. Islamyň umumy hasabynda 28 ýeňiş we bary-ýogy bir ýeňliş bar. Russiýaly pälwan soňky söweşinde Nýu-Ýorkda geçirilen «UFC 322» ýaryşynda awstraliýaly Jek Della Maddalena bilen duşuşypdy. Şol gezek ýarym orta agram derejesiniň çempionlyk guşagy ugrundaky söweş eminleriň biragyzdan beren karary esasynda, Mahaçewiň ýeňşi bilen tamamlandy.
Ian Garriniň bolsa 22-nji noýabrda bolan soňky söweşi Katarda geçirilen «UFC» ýaryşyna degişli bolup, amerikaly Belal Muhammedi eminleriň biragyzdan beren karary netijesinde ýeňipdi. Irlandiýaly söweşijiniň professional hasabynda 17 ýeňiş (şolaryň 8-si möhletinden öň) we bir ýeňliş bar.
