Oraza baýramy 20-nji martda bellener, Milli bahar baýramyna gabat gelýän dynç güni bolsa 23-nji marta geçirildi

MilliInfo

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamasy esasynda ýurdumyzda türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramy 2026-njy ýylyň 20-nji martynda belleniler. Şeýle-de 2026-njy ýylyň 22-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta — duşenbe gününe geçirildi.

Bu çözgüdiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak hem-de ýurdumyzyň ilatynyň Oraza we Milli bahar baýramlaryny dabaraly belläp geçmegi, oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksadyndan ugur alýandygyny, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrylýandygyny bellemek gerek.

Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info