Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.
Bu resminama ildeşlerimiziň milli baýlygymyz we guwanjymyz, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, türkmen atlarynyň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda, kämilleşdirmekde gazanan uly üstünliklerine hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetine, hünär ussatlygyna berlen ýokary baha boldy. Mundan başga-da, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň şowhunyny goşalandyrdy.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakyldy:
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň atbakary Rejepmuhammet Ataýewiç Gylyjowa;
hususy atşynas Ataberdi Borjakowa;
Aşgabat şäherinden hususy atşynas Bäşim Öwezmyradowiç Bäşimowa;
Balkan welaýatyndan hususy atşynas Orazdurdy Mämmetniýazowiç Orazmyradowa;
Daşoguz welaýatyndan hususy atşynas Hemra Täzebaýewiç Rejepowa.