Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary

MilliInfo
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ösüşine aýratyn goşant goşan raýatlara hormatly atlary dakmak hem-de döwlet sylaglaryny gowşurmak baradaky birnäçe Permana gol çekdi.

Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Perman hem bolup, munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesiniň mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändikleri hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändikleri nazara alnyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli gol çekilen resminamadyr.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti we ýokary hünär üstünlikleri üçin ildeşlerimizi döwlet sylaglary — ordenler we medallar bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi. Bu ýokary sylaglara dürli pudaklaryň — nebitgaz toplumynyň, gurluşyk, oba hojalygy, ulag ulgamlarynyň zähmetkeşleri, şeýle hem ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport pudaklarynyň wekilleri mynasyp boldular. Olaryň çeken zähmeti we mynasyp goşandy ýurdumyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga hem-de dünýä giňişliginde Türkmenistanyň abraýyny has-da belende götermäge ýardam etdi.

Aýratyn Perman bilen Türkmenistanyň zenanlarynyň bitiren hyzmatlary bellenilip, olar «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandylar. Bu ýokary sylag jemgyýetiň ruhy-ahlak esaslaryny pugtalandyrmaga, maşgala gymmatlyklaryny we däp-dessurlary gorap saklamaga, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge goşan aýratyn goşantlary, şeýle hem medeniýet, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda alyp barýan işjeň işleri üçin berildi.

Sylaglananlaryň sanawy «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info