Ukrainanyň DIM-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

MilliInfo

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirdi.

​Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

​Taraplaryň Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklary tassyklanyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info