Ulaglara öý şertlerinde energiýa beriş bekedi satuwa çykarylýar

MilliInfo

30 Sentýabr, 2025

«Toyota» kompaniýasy öýde ulanmak üçin elektrik ulaglaryna energiýa beriş beketleriniň işläp taýýarlanylandygyny we olaryň şu güýzde satuwa çykaryljakdygyny habar berdi. Kuwwaty 6 kWt bolan bu enjam sekiz sagadyň dowamynda awtoulaga doly energiýa berip, onuň takmynan 300 kilometre çenli ýol geçmegine mümkinçilik döredýär. Enjam elektromobillere-de, energiýa bilen hereket edýän gibrid awtoulaglara hem laýyk gelýär.

Energiýa beriş bekediniň bahasynyň gymmat bolmajakdygy tassyklanylýar. Eger müşderi ony täze awtoulag bilen bilelikde satyn alsa täze tehnologiýanyň bahasy has-da amatly bolar. Stansiýanyň gurnalmagy we tehniki hyzmaty bilen bolsa «Toyota» kompaniýasynyň resmi wekilleri meşgullanarlar.

Metbugat sahypalarynda berilýän habarlara görä, kompaniýa elektromobilleri Ýaponiýada giňden ornaşdyrmak üçin infrastrukturanyň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär. Energiýa beketleriniň ýetmezçiligi eýýäm kompaniýanyň elektromobilleriniň satuwyna ýaramaz täsirini ýetirip başlady we energiýa alýan gibrid ulaglar pudagynyň ösüşini gowşadýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo