Şu günler Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Ulugdepe ýadygärliginde arheologik gazuw-agtaryş işleri döwründe ýüze çykarylan dürli tapyndylary öwrenmek we hasaba almak işi gyzgalaňly dowam edýär. Bu barada «Edebiýat we sungat» gazetinde (13.11.2026ý) habar berildi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Fransiýanyň Tebigy taryhynyň Milli muzeýiniň arasynda arheologik ylmy-gözlegler babatda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakyndaky ylalaşyga laýyklykda, b.e.öňki V — I müňýyllyklar bilen senelenýän, irki demir asyr eýýamy döwründe ilatyň ýaşan ýeri bolan gadymy ýadygärlik alym arheologlaryň hemişe ünsüni özüne çekýär.
«Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Maýa Hojyýewanyň gürrüň bermegine görä, bu ýadygärlikde 1960-njy ýyllardan bäri arheologik gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar. Alymlar tarapyndan baý medeni gatlakly, gymmatly taryhy-arheologik ýadygärligi diýlip ykrar edilen Ulugdepäniň mälim bolmadyk syrlary şu günki günlerde türkmen-fransuz arheologiýa ekspedisiýasy tarapyndan öwrenilýär. Häzirki wagtda bu ýerde Fransiýanyň Tebigy taryhynyň Milli muzeýiniň baş hünärmeni Julio Bendezu Sarmientonyň ýolbaşçylygynda dürli ýyllarda ýüze çykarylan tapyndylar hasaba alynýar we öwrenilýär. Bu ugurda belli hünärmenler Bridey Frankois Dominikyu, Moles Daniele Gabrielle Marie Luse, Hut Gamille Lusiýe, Suri Joul, Henri Mariýe hem öz köpýyllyk iş tejribesine daýanyp, her bir tapyndyny ylmy taýdan jikme-jik öwrenip, olary bellenilen tertipde hasaba alýarlar.
