Dört bölege bölünen gyşyň başy, ýagny garagyş döwri maýyllyk bilen geçdi. Oba adamlary arkaýynlyk bilen meýdandaky giçki ekinleriniň hasylyny ýygnadylar.
Halkymyzda uly çilläniň 8-nji dekabrdan 17-nji ýanwara çenli dowam edýän döwründe örän seresap, hüşgär bolmak ündelýär. Sebäbi çarwany malsyz, daýhany ekinsiz goýup bilýän uly çille kyrk günläp dowam edýär. Onuň -10... -15 derejä ýetýän aýazly gijelerinde tejribeli çopanlar mallaryny gyşda 25 — 30 santimetr galyňlykdaky mal dersiniň üstünde ýatyrýarlar. Ertirlerine ätiýaçlykdaky gurak otlardan berip, Gün gyzdyryp, meýdan otlarynyň doňy çözülenden soňra mallary örä çykarýarlar. Bu barada Hudaýberen Abraýewiň «Türkmenistan» gazetinde (09.12.2025ý) çap edilen makalasynda beýan edilýär.
Uly çillede garyň ýagmagyny ata-babalarymyz gowulyga ýorupdyrlar. «Çille gary — ýeriň gany» diýmek bilen, gar suwunyň, ýagyş-ýagmyryň bu döwürde toprak üçin peýdalydygyny ýatladypdyrlar. Eger-de islenilişi ýaly, uly çille garly, ýagyşly gelse, onda ýazda, tomusda ekinlerden bol hasyla garaşyber. Gyşda ýeriň Güne tomusky ýagdaýyndan 5 million kilometr golaýlaşýandygyna garamazdan, Gün şöhlesiniň gytaklaýyn düşýändigi hem-de gyş gününiň gysgalygy üçin ýeriň üstüni gyzdyryp ýetişmeýär.
Uly çilläniň maýyl hem-de ýagynsyz gelýän ýyllary-da bolýar. Şeýle ýagdaýda ata-babalarymyz «Gyş soňuna syrykdy» diýipdirler.
