Umar Nurmagomedow «UFC-niň» Las-Wegasda geçen ýaryşynda braziliýaly Figeredony ýeňdi

MilliInfo

25 Ýanwar, 2026

Umar Nurmagomedow «UFC-niň» Las-Wegasda geçen ýaryşynda braziliýaly Figeredony ýeňdi

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) russiýaly wekili Umar Nurmagomedow braziliýaly söweşiji Deýweson Figeredony ýeňmegi başardy. Iň ýeňil agram derejesindäki bu tutluşyk Las-Wegas şäherinde geçirilen «UFC 324» ýaryşynyň esasy duşuşyklarynyň biri boldy.

Russiýaly türgen tutluşygyň dowamynda öz başarbygyny görkezip, eminleriň biragyzdan gelen karary (30:27, 30:27, 30:27) bilen ýeňiş gazandy.

Häzirki wagtda 30 ýaşly Nurmagomedowyň professional karýerasynda 20 ýeňiş we bir ýeňliş bar. Onuň garşydaşynyň, 38 ýaşly Figeredonyň hasabynda bolsa 25 ýeňiş, alty ýeňliş we bir deňme-deň gutaran duşuşyk bar. Belläp geçsek, braziliýaly türgen «UFC-niň» iň ýeňil agram derejesiniň öňki çempionydyr.

Ýeri gelende aýtsak, Umar «UFC-niň» meşhur we ýeňilmezek çempiony Habib Nurmagomedowyň doganoglanydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info