Moda sahnasyna çykmak üçin özboluşly mümkinçilik: «Emine Bridal» moda öýi gyzlary kastinge çagyrýar

MilliInfo

2 sagat öň

Täze premium derejeli gelinlik lybaslarynyň hödürlenmegi bilen baglylykda, «Emine Bridal» moda öýi öňde boljak moda görkezilişi üçin kasting geçirýär.

Eksklýuziw lybaslary öndüriji bolan «Emine Bridal» halkara moda münberiniň standartlaryna laýyk gelýän dalaşgärleri gözleýär.

Saýlap alyş şertleri:

Fiziki maglumatlary: boýy 175 santimetrden pes bolmaly däl.

Ýaş çägi: 35 ýaşyna çenli.

Kastingiň (gözden geçirilişiň) geçiriljek wagty: 11-nji aprelde sagat 12:00-da, Moda öýüniň binasynda.

Bu dünýä bazaryna we müşderilere aýratyn çemeleşmäge gönükdirilen, ösüp barýan brendi wagyz etmäge, onuň işini has-da ilerletmäge gatnaşmak we täze moda taslamasynyň bir bölegi bolmak üçin uly mümkinçilikdir.

Salgysy: G. Ezizow köçesi, 31 («Saýrak Bilbil»), Aşgabat, Türkmenistan

Telefon: +993 65111595

Instagram:

@eminebridal

@lacyn_gowher

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info