Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti abraýly «THE Awards Asia 2026» baýragynyň finalçylarynyň sanawyna girdi

MilliInfo

21 Ýanwar, 2026

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti abraýly «THE Awards Asia 2026» baýragynyň «Ýylyň ylmy-barlag taslamasy: STEM» (Research Project of the Year: STEM) ugry boýunça finalçylaryň sanawyna girip, öňdebaryjylaryň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrdy we ýokary derejesini tassyklady.

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň ajaýyp üstünlikleri geçen ýyl hem «Times Higher Education (THE) Awards Asia» baýragynyň halkara hünärmenleri tarapyndan bellenilip geçilipdi. Şonda Oguz han adyndaky uniwersitet «Ýylyň talyplary okuwa kabul etmek kampaniýasy» (Student Recruitment Campaign of the Year) ugry boýunça öňdebaryjy sekizlige girmegiň hötdesinden geldi.

Şu ýyl bolsa uniwersitet düýpli we amaly ylmy-barlaglar hem-de ylmy, tehniki, inženerçilik we matematiki dersleriň integrasiýasyna, galyberse-de, toplumlaýyn öwrenilmegine esaslanýan STEM-bilim ulgamynda halkara ykrarnamasyna eýe bolup, ösüşiň täze derejesine gadam goýdy.

Hünärmenler ýokary okuw mekdebiň ylmy işleriniň amaly ähmiýetine ýokary baha berdiler. Bu bolsa inženerçilik we ýokary tehnologiýalar babatda öňdebaryjy barlaglaryň ösdürilýändigini, ýaş alymlar üçin özboluşly ekoulgamlaryň döredilendigini hem-de türkmen ylmynyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha artýandygyny görkezýär.

STEM ugrunda iň gowy 8 ýokary okuw mekdebiň sanawyna girmegi Oguz han adyndaky uniwersitetiň diňe bir zehinli ýaşlaryň jemlenen merkezi bolman, eýsem, kuwwatly ylmy-barlag binýadydygyny hem aýdyňlaşdyrýar. Bu üstünlik türkmen ýokary okuw mekdebini Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Singapuryň we Gonkongyň öňdebaryjy tehnologiýa uniwersitetleri bilen bir derejede goýýar.

«Ýokary bilimiň Oskary» diýlip atlandyrylýan «THE Awards Asia» baýragy ugrunda şu ýylky bäsdeşlik has-da dartgynly geçdi: bu bäsleşige Aziýanyň ýüzlerçe öňdebaryjy ýokary okuw mekdebi gatnaşdy. Guramaçylar tarapyndan uniwersitetleriň işiniň ähli ugurlaryny öz içine alýan 10 dereje boýunça 500-den gowrak ýüztutma kabul edildi. Netijede, 17 ýurtdan we çäkden 80 finalçy (her derejede 8 sany) saýlanyp alyndy.

Şu ýylky baýragyň ýeňijileri 22-nji aprelde Gonkongyň Ylym we tehnologiýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek «THE Aziýa uniwersitetleriniň sammitiniň» birinji gününde Gonkongda geçiriljek dabarada yglan ediler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info