Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly utgaşykly görnüşli halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, şeýle hem ylmy açyşlary we üstünlikleri artdyrmak maksady bilen, maslahatyň çäklerinde täze ikitaraplaýyn resminamalaryň bäşisine:
– Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Dohanyň ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň (Katar) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
– Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga;
– Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «METABIO Biotechnology» kompaniýasynyň (Türkiýe) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
– Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaýyň Şanhaý ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
– Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaýyň Çanan uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
Taraplaryň gol çeken resminamalary hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigini tassyklady hem-de Türkmenistan bilen maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy we däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da giňeltmek boýunça bilelikdäki tagallalary birleşdirmek üçin berk binýat goýdy.
