Ýurdumyzda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygyna bagyşlanan möhüm çäreler geçiriler. Bu barada 24-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdyldy.
Mejlisiň barşynda Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Mämmedowa ýüzlenip, uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken enelerimize Ýeňiş güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Munuň özi halkymyzyň gahrymanlaryna goýýan belent hormatynyň nyşanydyr.