23-nji maýda Müsürde tomaşaçylary özüne çekjek boks agşamy geçiriler. Duşuşyklar Gizadaky dünýä belli piramidalaryň ýanynda guralar.
Agşamyň esasy tutluşygynda agyr agram derejesinde WBC, WBA we IBF derejeleriniň eýesi bolan Aleksandr Usik (24–0, 15-si nokaut) çykyş eder. Ol Niderlandlardan bolan kikboksçy Riko Werhuwen bilen duşuşar. Werhuweniň kikboksingdäki hasaby 66 ýeňiş we 10 ýeňlişdir. Professional boksda bolsa onuň diňe bir tutluşygy bolup, şol duşuşykda ýeňiş gazandy.
Usik soňky söweşini iýul aýynda geçirip, bäşinji raundda Daniel Dýubuany nokaut bilen ýeňdi. Şol ýeňişden soň ol karýerasynda üçünji gezek dünýäniň absolýut çempiony boldy.
Agşamyň ýene bir gyzykly duşuşygy ýarym agyr agram derejesinde WBA (Super), WBC, IBF, WBO, IBO we The Ring derejeleriniň eýesi Dmitriý Biwolyň (24–1, 12 KO) gatnaşmagynda geçiriler. Onuň garşydaşy IBF Inter-Continental titulynyň eýesi bolan germaniýaly boksçy Mihael Aýfert (13–1, 5 KO) bolar.
Biwol soňky söweşini 2025-nji ýylyň fewralynda geçirip, eminleriň köpüsiniň ses bermegi bilen Artur Beterbiýewi ýeňdi we 2024-nji ýylda sezewar bolan ýeňlişi üçin rewanşyny aldy.
Garaşylşy ýaly, bu duşuşyklar boks muşdaklaryna täsirli pursatlary bagyş eder we uly gyzyklanma döreder.