Usman Dembele — «Altyn top — 2025» baýragynyň eýesi

MilliInfo

23 Sentýabr, 2025

Parižde geçirilen «Ballon d’Or 2025» dabarasynda futbol dünýäsiniň iň ökdeleri yglan edildi.

Usman Dembele «Altyn top — 2025» baýragyna eýe boldy. Ol 2024/25-nji ýyllaryň futbol möwsüminde sözüň doly manysynda ýyldyza öwrüldi. Luis Enrikeniň ýolbaşçylygyndaky meşhur klubda — «PSŽ-de» esasy oýunçy boldy we parižlilere trebl etmäge — Çempionlar ligasynda, Liga 1-de hem-de Fransiýanyň Kubogynda ýeňiş gazanmaga kömek etdi.

Dembele Fransiýanyň çempionatynda 21 gol geçirip, karýerasyndaky iň gowy netijäni görkezdi. Bu bolsa onuň «Altyn top» baýragy üçin sesleri gazanmagynyň möhüm şerti boldy.

«Ýylyň iň ökde futbolçysy» bolmak ugrundaky bäsleşikde ol Lamin Ýamaly yzda galdyrdy.

Indi «Näme sebäpden Dembele saýlandy?» diýen sowala anyk jogap bereliň:

  • Toparlaýyn baýraklary: Çempionlar ligasy, Liga 1, Fransiýanyň Kubogy («PSŽ» üçin iň bir netijeli ýyllaryň biri boldy).

  • Şahsy görkezijileri: Liga 1-iň 2024/25 möwsüminde 21 gol, ýazyň esasy duşuşyklarynda «gol-pas» ulgamy boýunça görnükli goşant.

  • Ulgamdaky orny: Dembele Luis Enrike bilen meýdanyň sag ganatynda netijeli oýnuň esasy bölegi hem-de hüjümleriň utgaşdyryjysy boldy, «1-d-1» epizodlaryny durnukly çözdi we petiklemek oýnuna (pressing) işjeň gatnaşdy.

Zenanlardan bolsa Aýtana Bonmati («Barselona») «Ýylyň iň ökde futbolçysy» diýlip yglan edildi. Ol bu baýragy bassyr üçünji gezek eýeleýär.

«Ballon d’Or 2025» dabarasynda «Ýylyň iň gowy kluby» hem yglan edilip, bu baýraga «PSŽ» mynasyp boldy.

Donnarumma erkekleriň, Hanna Hemptona bolsa zenanlaryň arasynda iň gowy derwezeçi hökmünde Lew Ýaşiniň adyny göterýän baýrak gowşuryldy.

Lamin Ýamal bassyr ikinji gezek 21 ýaşa çenli futbolçylaryň arasynda iň ökde oýunçy boldy.

Beýleki ugurlar:

  • Ýylyň tälimçisi: Luis Enrike (erkekler) we Sarina Wigman (zenanlar).

  • Gerd Mýuller baýragy: Wiktor Gekereş; zenanlardan — Ewa Paýor.

  • Kopa Trophy (U-21): Lamin Ýamal — ilkinji iki gezek ýeňiji bolan; zenanlardan — Wiki Lopes.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo