Mekdep okuwçylarymyz Koreýa Respublikasynda geçirilen «FIRST Global Challenge 2026» robot tehnikasy boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Türkmen ýaşlary «Skills Challenge» ugry boýunça (ýekelikde) kümüş medala, «Winning Alliance» görnüşinden (toparlaýyn esasda) bolsa bürünç medala mynasyp boldular.
7–10-njy oktýabr aralygynda Inçhon şäherinde geçirilen bu çempionatda dünýäniň 185 döwletinden gelen toparlar özara bäsleşdi. Ýurdumyzyň adyndan çykyş eden milli topara Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Myrat Sähetgulyýew hem-de Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Dawut Gurbanow tälim berdi.
Milli toparyň düzüminde Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp okatmaga ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylary:
Suhan Nowbatow,
Oraznyýaz Rejepow,
Aznawur Çolukow,
Daýhan Gurbanow;
Arslan Babajyýew dagy ýokary taýýarlyk derejesini hem-de ussatlygyny görkezdiler.
«Okuwçylarymyz bäsleşige ýokary ruhubelentlik bilen başladylar. Ýarym finala bolsa toparlaýyn esasda 295 ball bilen geçdiler. Netijede olaryň kümüş we bürünç medallara mynasyp bolmagy bizi buýsandyrýar. Şeýle abraýly ýaryşda gazanylan bu üstünlik ýaşlaryň täzeçil tehnologiýalary öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrar» – diýip, toparyň ýolbaşçysy Myrat Sähetgulyýew gürrüň berdi.
Her ýylda Olimpiýa oýunlary görnüşinde guralýan «FIRST Global Challenge» robot tehnologiýasy boýunça halkara bäsleşigi bu gezek tebigatda döreýän ýangynlara garşy göreşmekde innowasion çözgütleri tapmaga bagyşlandy.
