Ýarym marafon boýunça täze dünýä rekordy goýuldy

MilliInfo

24 Awgust, 2026

Ýarym marafon boýunça täze dünýä rekordy goýuldy

Efiopiýaly ýeňil atletikaçy Ýomif Kejelça ýarym marafon aralygyna ylgamak boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Argentinanyň Buenos-Aýres şäherinde geçirilen ýaryşyň netijelerine görä, Kejelça 21,1 km aralygy 56 minut 51 sekuntda geçdi.

Bu netije bilen Kejelça, mart aýynda Lissabonda ugandaly Jeýkob Kiplimo tarapyndan goýlan 57:20 görkezijä garanyňda, dünýä rekordyny 29 sekunt gowulandyrdy.

Ýomif Kejelça 29 ýaşynda. Ýarym marafondaky üstünliginden başga-da, ol uly ýol boýunça 10 km aralyga ylgamakda dünýä rekordyny özünde saklaýar — onuň bu ugurdaky netijesi 26 minut 31 sekunda deňdir. Kejelça 10 000 metr aralyga ylgamakda dünýä çempionatlarynyň iki gezek kümüş baýrakçysy (2019, 2025) hem-de 3000 metr aralyga ýapyk binalarda geçirilen dünýä çempionatlarynyň iki gezek çempionydyr (2016, 2018).

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info