Türkmenistanda 2026-njy ýyl üçin önümçilik iş senenamasy hem-de baýramçylyk günleri tassyklanyldy

MilliInfo

1 Dekabr, 2025

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň habar berşi ýaly, geljek ýylyň iş hepdesi aşakda görkezilen tertipde kesgitlener:

  • Bäş günlük iş hepdesi – 40 sagat,

  • Alty günlük iş hepdesi (7 sagat/gün) – 40 sagat,

  • Alty günlük iş hepdesi (6 sagat/gün) – 36 sagat.

Dynç alyş baýramçylyk we hatyra günleri:

  • 1-nji ýanwar – Täze ýyl;

  • 8-nji mart – Halkara zenanlar güni;

  • 21–22-nji mart – Milli bahar baýramy;

  • 18-nji maý – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni;

  • 27-nji sentýabr – Garaşsyzlyk güni;

  • 6-njy oktýabr – Hatyra güni;

  • 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni;

  • 20-nji mart – Oraza baýramy;

  • 27–29-njy maý – Gurban baýramy.

Baýramçylyk günleriniň öňüsyrasyndaky günüň iň wagty 1 sagat gysgaldylýar. Gijeki çalşyklar hem 1 sagat gysgaldylýar, üznüksiz önümçilikde bolsa gündizki işe deňlenilýär.

Iş wagtynyň ortaça bir aýlyk dowamlylygy: 166,9 sagat (40 sagatlyk iş hepdesi) we 150,5 sagat (36 sagatlyk iş hepdesi).

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo