Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) habar bermegine görä, resminama Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we ösdürmek maksady bilen kabul edildi.
Hökümetara topar ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, özara haryt dolanyşygyny giňeltmek, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny öňe ilerletmek, şeýle hem iki doganlyk döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin esasy utgaşdyryjy mehanizm bolup durýar.
