27-nji sentýabrda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralary Watanymyzyň ähli künjegini gurşap aldy. Bagtyýar halkymyz bu möhüm senäni döretmek, gurmak, öňegidişlik we gülläp ösüş ýolunda gazanan ägirt uly üstünlikleri, uly baýramçylyk ruhy bilen garşylaýar.
Döwlet berkararlygynyň geçen 35 ýylynda ýetilen sepgitler behişdi bedewleriň batly gadamlaryna deňelýär. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy baýram edilýän şu ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy möhüm waka boldy.
...Asylly däbe görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberiniň öňünde ýaýbaňlandyryldy. Ajaýyp meýdançada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň harby gullukçylary nyzama düzüldi.
Sagat 10:00. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine gelýär. Bellenen ýerde Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Ýaragly Güýçleriň şahsy düzüminiň dabaraly harby ýörişe taýýardygy barada hasabat berýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, ýörite awtoulagda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylaryň hatarlarynyň öňünden geçýär. Şahsy düzüm hormatly Prezidentimizi «Belent Serkerdebaşa şöhrat!» diýen sözler bilen dabaraly garşylaýar.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy dabara meýdançasynyň merkezinde — münberiň ýanynda saklanýar. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenýär:
— Salam, hormatly esgerler we serkerdeler!
— Salam, Belent Serkerdebaşymyz! — diýip, harby talyplar, esgerler we serkerdeler jogap berýärler.
Soňra hormatly Prezidentimiz dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylary mübärekledi:
— Hormatly Watan goragçylary, sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlaýaryn!
Şol pursat dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylaryň ählisi bir wagtda «Ura!» diýip seslenýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Döwlet münberiniň syn ediş ýerine barýar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyrylýar.
...Meýdançada nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk baradaky mukaddes kasamy aýdýarlar. Milli goşunymyzyň harby gullukçylary asyrlaryň dowamynda toplanyp, häzirki günlere ýetirilen şöhratly däpleri saklamak bilen birlikde, ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerine wepalydyklaryny iş ýüzünde tassyklaýarlar.
Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaraly harby ýöriş Watanymyzyň goranyş kuwwatyny, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny, başarjaňlygyny görkezdi.
Soňra Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabara dowam etdi. Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabara döwrebap telekommunikasiýa we ýaýlyma beriş serişdeleri, aragatnaşyk ulgamlary arkaly göni ýaýlymda köpçülige ýetirildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş baýramynyň şanyna guralan baýramçylyk çäresine watandaşlarymyzyň hem-de dünýä döwletleriniň ýaşaýjylarynyň tomaşa etmegine mümkinçilik döretdi.
Bu ýerde milli lybasdaky iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykardy. Ussat zergärleriň zehininden dörän şaý-sepler bilen bezelen at esbaplary behişdi bedewiň gözelligine gözellik goşýar. Watan atly akýal mele reňkli bu ajaýyp bedew Hankerwen we Şaperi diýen atlaryň neslindendir. Ady rowaýata öwrülen Gaplaňyň ugruna degişli bolan bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sowgat berildi.
Soňra baýramçylyk meýdançasynda diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda-da uly şöhrata eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýörişi başlandy.
Soňra Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bagtyýar talyplary ahalteke bedewleri bilen «35» ýazgyny emele getirip geçýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyk pudagy ylym, bilim, innowasiýa we milli däp-dessurlary özünde birleşdirip, dünýä derejesinde täze ösüşlere beslenýär.
Şondan soň Döwlet münberiniň öňünde teatrlaşdyrylan sahnalar ýaýbaňlandyryldy. Olarda şöhratly türkmen şahsyýetleriniň, şol sanda nesilbaşymyz Oguz hanyň we beýleki meşhur şahsyýetleriň keşpleri janlandyryldy.
Ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de pudaklarynyň awtoulag platformalarynyň Döwlet münberiniň öňünden dabaraly ýagdaýda geçýän pursatlary has-da täsirli boldy.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly ýöriş tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyny okady.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny we degişli şahadatnamany gowşurdy.
Soňra bu ýere ýygnananlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şany senesi bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyzyň we Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylýan ösüşler munuň aýdyň güwäsidir.
* * *
Paýtagtymyzda badalga alan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy.
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dabaralar gijagşama çenli dowam etdi. Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen baýramçylyk kabul edişligine Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Watanymyzyň baş baýramynyň hormatyna dabaralar «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen dowam etdi. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler, folklor-tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Baýramçylyk feýerwerki «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly senesiniň – Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň dabarasyny has-da artdyryp, Aşgabadyň gijeki asmanyna ajaýyp baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
