11-nji awgustdan başlap, Aşgabat—Türkmenbaşy ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň sany günde üçe çenli artdyrylar.
Awtobuslar, Aşgabat şäheriniň Halkara awtomenzilinden (Çoganly) ugur alyp, Türkmenbaşy şäherine barar. Petegiň bahasy bir tarap üçin 65 manat. Awtobuslar sagat 10:00-da, 10:30-da we 11:00-da ugrar.
Mundan başga-da, Aşgabat—Awaza awtobus gatnawlary dowam edýär. Petegiň bahasy — ulular üçin 75 manat, 5 ýaşdan 13 ýaşa çenli çagalar üçin bolsa 37,5 manat. Bu ugurda awtobuslar günde iki gezek — sagat 06:00-da we 06:30-da Halkara awtoulag menzilinden hereketlerini ýerine ýetirýärler.
Petekleri, auh.com.tm web saýty arkaly hem onlaýn satyn alyp bolýar.
Goşmaça maglumat almak üçin ýolagçylar şu telefon belgilerine ýüz tutup bilerler: (+993 12) 44-35-20; +993-61 49 34 95.