Özbegistan we Türkmenistan ýük daşamalaryny ýönekeýleşdirmegi hem-da logistikany ösdürmegi maslahatlaşdy

MilliInfo
Özbegistan we Türkmenistan ýük daşamalaryny ýönekeýleşdirmegi hem-da logistikany ösdürmegi maslahatlaşdy

Daşkentde Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň esasy mowzugy dolandyryş bökdençliklerini aradan aýyrmak, haryt dolanşygyny çaltlandyrmak we logistika düzümini giňeltmekden ybarat boldy.

Gepleşiklere Ulag meselelerini öwreniş merkeziniň ýolbaşçylary, Özbegistanyň DIM-niň wekilleri, Halkara awtoulag daşaýjylarynyň assosiasiýasy we öňdebaryjy ekspeditorçylyk kompaniýalary gatnaşdylar.

Serhetlerdäki amallary kämilleşdirmek üçin özbek tarapy birnäçe amaly ädimleri, hususan-da, aşakdakylary hödürledi:

  • ýük ulaglarynyň sürüjileri üçin elektron wizalary girizmek, degişli ýygymlary azaltmak we awtoulaglaryň hereketiniň bökdelmeginiň öňüni almak üçin «Farap — Alat» esasy gözegçilik-geçiriş ýerinde barlag işlerini kadalaşdyrmak;

  • tiz zaýalanýan harytlary daşaýan ýük ulaglary (furalar) üçin ileri tutulýan geçiş tertibini döretmek;

  • serhet geçelgesiniň bitarap zolagynda ikinji köprini gurmak.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar agram we ölçeg kadalaryna gaýtadan seretmek, multimodal daşamalarynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak, şeýle hem yzygiderli göni uçuşlary täzeden dikeltmegiň geljegi ýaly ugurkary maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy gelip gowşan teklipleri bilelikde işläp taýýarlamak üçin ýurdumyzyň degişli edaralarynyň garamagyna gyssagly ýetirmäge taýýardygyny tassyklady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info