Özbegistan emeli aň bilen enjamlaşdyrylan hemrany orbita çykardy

MilliInfo

21 sagat öň

Özbegistan emeli aň bilen enjamlaşdyrylan hemrany orbita çykardy

Özbegistan Hytaýyň «STAR.VISION» kompaniýasy bilen bilelikde Ýeri uzakdan zontlamak (seretmek) üçin niýetlenen «Samarkand-2028» giperspektral hemrasyny orbita üstünlikli çykardy. Goýberiş çäresi Hytaýyň «Haýýan-Gündogar» kosmodromyndan amala aşyryldy.

«Samarkand-2028» Ýeri uzakdan zontlaýan giperspektral hemralaryň hataryna degişlidir. Ol adaty hemralardan tapwutlylykda, Ýeriň ýüzünden yzyna gaýdýan şöhlelenmäni 20-den gowrak spektral diapazonda seljerip bilýär.

Bu bolsa oba hojalyk ekinleriniň ýagdaýy, suw serişdeleri we daşky gurşaw barada jikme-jik maglumatlary almaga, şeýle hem ýer serişdeleriniň ulanylyşyndaky üýtgeşmelere gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Hemranyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem «Özbekkosmos» agentliginiň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen emeli aň modulydyr. Ol hemradan alynýan maglumatlaryň bir bölegini heniz Ýere ibermezden ozal, gönüden-göni kosmos enjamynyň bortunda gaýtadan işlemäge ukyplydyr.

Mundan başga-da, bu taslama kosmos tehnologiýalary, emeli aň we hemra maglumatlaryny işlemek ulgamynda ýerli hünärmenleri taýýarlamak üçin özboluşly binýat bolar.

«Samarkand-2028» diýen at 2028-nji ýylda Samarkant şäherinde 79-njy Halkara astronawtika kongresiniň geçiriljekdigi sebäpli dakyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info