Raýatlaryň durmuş hal-ýagdaýy Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň binýady bolup galýar. 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklady. Bu maksatnama kaýyklykda, durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň gerimi görlüp-eşidilmedik derejä eýe bolar.
Şu ýyl umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna badalga berler.
Paýtagtymyzyň binagärlik keşbi işjeň özgerer:
Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýy hem-de köp sanly söwda we hyzmatlar öýleri;
Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýy;
Ýokary derejeli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna we medeni mümkinçiliklere aýratyn ähmiýet berildi: paýtagtymyzda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýyny, 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkezi gurlup ulanmaga berler.
Adam maýasy ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar. Şu ýyl 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy täze tehnologik tapgyra gadam basýar. Aşgabatda iň iri lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsini açmaga taýýarlyk görülýär:
Halkara pediatriýa merkezi,
Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi;
Stomatologiýa merkezini ulanmaga berler.
Şeýle ajaýyp ösüşler şypahana ulgamyny hem gurşap alar: «Arçman» şypahanasynda 400 orunlyk täze binalar toplumy raýatlara hyzmat edip başlar.