Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli professor, dosent we uly ylmy işgär alymlyk atlaryna eýe bolan alymlara attestatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan professor, dosent we uly ylmy işgär alymlyk atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi okaldy. Oňa laýyklykda, alymlyk atlaryna eýe bolan alymlara attestatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Attestatlara mynasyp bolan alymlar ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, ylmy işgärleriň ýokary ylmy derejelere eýe bolmagy ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem professor, dosent we uly ylmy işgär alymlyk atlaryna mynasyp bolanlar milli ylym ulgamynyň mundan beýläk-de ösmegi, ylmy işleri alyp barmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek ugrunda zehinini, ukyp-başarnyklaryny, toplan baý tejribelerini gaýgyrman işlejekdiklerine ynandyrdylar.
