Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň infrastrukturasynyň üsti iki sany täze suw hojalyk desgasy — döwrebap sorujy stansiýalar bilen ýetirildi.
Taslama ýurduň suw hojalyk toplumyny giň gerimli döwrebaplaşdyrmaga we ilaty suw serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmäge gönükdirilen döwlet strategiýasynyň çäklerinde amala aşyryldy.
Stansiýalaryň ikisi hem dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edildi. Desgalaryň esasy aýratynlygy amallaryň doly awtomatlaşdyrylmagydyr. Kompýuter ulgamlary suw berlişiniň görkezijilerine hakyky wagt tertibinde gözegçilik edýärler, bu bolsa işiň iň ýokary netijeliligini we ygtybarlylygyny kepillendirýär.
Täze stansiýalaryň işe girizilmegi sebit düzümini ösdürmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Desgalaryň ulanmaga berilmegi sebitiň suw üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmäge (optimallaşdyrmaga), gymmatly suw serişdeleriniň jemagat pudagynda hem-de sebitiň oba hojalygynda paýlanyşynyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
