«Kitap» atly türkmen filmi eminleriň ýörite baýragyna mynasyp boldy

MilliInfo

7 Oktýabr, 2025

«Gorkut Ata» kinofestiwaly 2025-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Aktau şäherinde guralan çäreler bilen tamamlandy. Kinofestiwalyň ýapylyş dabarasy we baýrak gowşurylyşy ýatdan çykmajak täsirlere beslendi. Festiwalyň çäklerinde takmynan 200-e golaý prodýuser, režissýor, senariýeçi, aktýor hem-de kino pudagynyň wekilleri bir meýdançada jemlendiler. Olar özara tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik aldylar. Myhmanlar türki dünýäniň medeni paýtagty bolan Aktau şäherindäki film görkezilişleri, medeni gezelençler we işewür duşuşyklar arkaly has ýakyndan tanyşmak mümkinçiligine eýe boldular.

Çärä gatnaşan türkmen wekiliýetini Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň agzalaryndan ybarat bolan topar düzdi. Wekiliýetiň düzüminde ýurdumyzyň kino senagatynyň öňdebaryjy hünärmenleri — režissýorlar, aktýorlar, senariýeçiler hem-de operatorlar bar. Bu ýerde türkmen kinematografiýasynyň hem täze filmleri görkezildi.

Eminleriň kabul eden çözgüdi boýunça «Iň gowy dokumental film» ugrunda bäş filme, «Iň gowy doly metražly film» ugrunda bolsa sekiz filme baýraklar berildi.

Şunlukda, Türkmenistanyň doly metražly «Kitap» filmi eminleriň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Festiwalyň çäklerinde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kino guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türki dünýäniň Kino sammiti geçirildi. Sammitiň dowamynda kabul ediji tarap — «Kazahfilm» bilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň degişli kino edaralarynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnamalara gol çekildi. Bu resminamalar taraplaryň arasynda kino pudagynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo