Almatyda 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi

MilliInfo

11 sagat öň

13-nji fewralda Almaty şäherindäki Abylaý Han adyndaky gazak halkara gatnaşyklary we dünýä dilleri uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly çäre geçirildi.

Çärä uniwersitetiň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplary hem-de ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlar düzümi gatnaşdy. Gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Gazagystany hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, umumy medeni we taryhy gatnaşyklaryň baglaýandygyny bellediler. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň berk binýady bolup durýar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy: Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy guraldy. Gatnaşyjylar bu neşiriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň taryhy tejribesini we onuň häzirki zaman ähmiýetini köptaraplaýyn şöhlelendirýändigini bellediler.

Duşuşygyň barşynda milli sazlar we aýdymlar, şol sanda türkmen halkynyň ruhy mirasynyň aýdyň şöhlelenmesi bolan «Bilezik» we «Küşdepdi» ýaly medeni çykyşlar görkezildi. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar 2026-njy ýyl şygarynyň Garaşsyzlygy, halkara derejesinde ykrar edilen Bitaraplygy we Türkmenistanyň ösüşe we dünýä jemgyýetçiligi bilen açyk gepleşiklere ygrarlylygyny alamatlandyrýandygyny nygtadylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info