Ankarada halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

MilliInfo

17 Noýabr, 2025

20 — 22-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň ýokary medeni hem syýahatçylyk mümkinçilikleriniň merkezi bolan Ankara şäherinde «Travelexpo Ankara» atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler.

Ajaýyp çäre «ATO Congresium» atly sergi we kongres merkezinde ýaýbaňlandyrylar.

«Travelexpo Ankara» sergisi halkara derejesinde syýahatçylyk ugurlaryny tanyşdyrmak, täze işewür gatnaşyklara ýol açmak we pudagyň çäginde ylalaşyklary baglaşmak mümkinçiliklerini döretjek möhüm meýdança bolar.

Sergä gatnaşmak we ekspozisiýa orunlaryny bron etmek boýunça sowallar üçin aşakdaky aragatnaşyk ulgamlaryna ýüz tutup bilersiňiz:

Telefon: +90 542 785 43 13

Elektron poçta: havva@atisfuar.com

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info