Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sungat galereýasynda ajaýyp sergi öz işine başlady. Onda 50-ä golaý türkmen suratkeşi tarapyndan döredilen 140-dan gowrak sungat eseri tomaşaçylara hödürlenýär.
Sergi heýkeltaraş Maksatmyrat Hojaýynowyň kiçi göwrümli heýkellerinden düzülen ekspozisiýa bilen açyldy.
Suratkeş Baýdurdy Berdiýewiň «Horaz urşy» atly eseri hem sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Eserde üç sany sylagly ýaşuly emin hökmünde iki horazyň çekeleşikli bäsleşigine syn edýär. Bäsdeş horazlaryň gazaply göreşi we ýaşulularyň asudalygy biri-birine güýçli garşylyk döredýär. Awtor suraty gök, çal we gyzyl reňkleriň sazlaşygynda ýerine ýetirip, eseriň täsirini has-da güýçlendiripdir.
Kamil Weliahmedow «Jemal daýza» atly suratynda ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, işjeňligini saklaýan zähmetsöýer zenany şekillendirýär. Polat Garryýew bolsa «Ene» atly eserinde ellerini dyzynyň üstünde goýup oturan, öz zähmet borjuny ýerine ýetiren ýaly täsir galdyrýan garry enäniň keşbini döredýär.
Mundan başga-da, sergide Baýdurdy Berdiýewiň «Bazarda», Möjek Çaryýewiň «Kerwen», Guwanç Hojanyýazowyň «Kädiler», Şöhrat Berdiýewiň «Oba säheri» ýaly köp sanly täsirli eserleri görkezilýär.
Sungat galereýasyna baryp görmek boş wagtyňy manyly geçirmegiň hem-de häzirki zaman şekillendiriş sungatynyň ajaýyp nusgalary bilen tanyşmagyň iň gowy usullarynyň biri bolup durýar. Bu ýerde diňe bir ussat suratkeşleriň döredijiligi bilen tanyşmak däl, eýsem, göwne ýaran eserleri satyn almak mümkinçiligi hem bar.
Sungat galereýasy Aşgabat şäheriniň A.Berdiýew köçesiniň 135/1 salgysynda ýerleşýär. Goşmaça maglumatlary +993 62 98-08-07 belgili telefon arkaly alyp bilersiňiz.
