Meşhur liwanly aýdymçy we teleýaýlym alypbaryjysy Maýa Diýab şu gün Aşgabat şäherine geldi. Bu barada THP habar berýär.
Daşary ýurtly myhman Aşgabat şäheriniň halkara howa menzilinde mähirli garşylandy. Meşhur aýdymçynyň saparynyň maksady — ertir, 9-njy oktýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriljek daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň uly konsertine gatnaşmak. Konsert sagat 18:00-da başlanar.
Maýa Diýab sahnany beýleki daşary ýurtly aýdymçylar bilen paýlaşar. Giň gerimli konsert maksatnamasynyň çäginde Russiýanyň meşhur aýdymçysy Nýuşa, şeýle hem türk ýyldyzlary Hadise we Murat Boz hem çykyş ederler.
Konsertiň peteginiň bahasy — 200 manat. Biletler Aşgabat şäher häkimliginiň «ashgabat.gov.tm» resmi saýtynda we «Sanly şäher» ykjam goşundysynda onlaýn satuwa çykaryldy.
