Türkmen halkynyň Milli Lideri täze uniwersitetiň açylyş dabarasyna gatnaşar

MilliInfo

30 Awgust, 2025

29-njy awgustda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy. Şeýle hem paýtagtymyzda we welaýatlarda orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň birnäçesi açylar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyza ýüzlenmek bilen, bu täze uniwersitetiň açylyş dabarasyna gatnaşmagyny haýyş etdi.

Pursatdan peýdalanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylary we bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň ilkinji döwlete dahylsyz ýokary okuw mekdebinde — Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde dil öwreniş bölümi, hünär derejesini ýokarlandyryş, işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyryşy, oba hojalyk işewürligi, sanly tehnologiýalar, binagärlik-gurluşyk işewürligi fakultetleri hem-de bularyň düzümine girýän 14 kafedra we 42 sany tejribehana hereket eder.

Uniwersitet öz işini doly hojalyk hasaplaşygy esasynda amala aşyrmak bilen, bu ýerde okuwlar tölegli esasda, türkmen we iňlis dillerinde alnyp barlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo