Ýekşenbe güni Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy «Ýyldyz» myhmanhanasynda ýurduň gadymy baýramlarynyň biri bolan «Diwali» mynasybetli dabaraly kabul edişlik gurady.
«Diwali» baýramy her ýylyň güýz paslynda bellenilip geçilýär we ýagtylygyň garaňkylygy, ýagşylygyň ýamanlygy, hakykatyň ýalany ýeňmegini alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, her ýerde şemler we yşykly çyrajyklar ýakylyp, töwerege ýagtylygyň şuglasy saçylýar.
Munuň özi Aşgabatda diplomatik wezipesine girişen Hindistanyň ilçisi jenap Bandaru Wilsonbabunyň türkmen topragyndaky ilkinji şeýle köpçülikleýin çäresi bolup, ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi. Çara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Aziýa–Ýuwaş umman sebiti boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Gurbandurdy Saparow hem gatnaşdy.
Hindistanyň Watanymyzdaky ilçisi Türkmenistanyň sebitdäki möhüm ornuny, onuň nebitigaz pudagyndaky, himiýa senagatyndaky, şol sanda dökün önümçiligindäki öňdebaryjylygyny, şeýle hem sanly infrastruktura, bilim we saglygy goraýyş ugurlaryndaky üstünliklerini aýratyn belledi.
Bu ýerde myhmanlara baý medeni maksatnama hödürlendi. Agşam Hindistanyň medeniýetiniň türkmen jemgyýetine näderejede ýakynlygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
«Ýyldyz» myhmanhanasynyň kiçi dabaralar zalynda ajaýyp çykyşlar hödürlendi. Hindi tanslary, türkmen ýerine ýetirijileriniň hindi aýdymlary hödürlemegi baýramçylyk agşamyna özboluşly şowhun bagyşlady. Lezzetli hindi tagamlarynyň hödürlenmegi bolsa dabara gatnaşyjylaryň bu ýurduň aşhanasynyň özboluşlylygy bilen tanyşmagyna mümkinçilik döretdi. Çünki «Diwali» baýramynda dürli tagamlar bilen bezelen saçak rysgal-bereketi alamatlandyrýar.

