Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralar giň gerime eýe boldy. Ajaýyp sene mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzdaky «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde geçirildi.
Şatlyk-şowhunly, aýdym-sazly dabaralar, dürli çäreler ajaýyp pursatlara beslenip, oňa gatnaşan çagalaryň kalbynda ýakymly duýgulary döretdi. Dabaraly çärelere Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler hem-de olaryň maşgalalary, aýdym-saz, tans toparlary, ýaş nesiller gatnaşdylar.
Seýilgähde baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada çykyş edenler Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, Türkmenistanda Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda çagalaryň mähir hem-de alada bilen gurşalyp alynýandygyny nygtadylar.
Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyş edip, ajaýyp dabara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna dabara gatnaşyjylary Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlap, Türkmenistanda bu senäniň döwlet derejesinde giň gerimli dabaralara beslenýändiginiň şaýady bolýandyklaryny belledi. Munuň özi ýurtda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň çagalara uly üns berýändiginiň, olaryň hemmetaraplaýyn mähir-alada bilen gurşalyp alynýandygynyň netijesidir. Nygtalyşy ýaly, ÝUNISEF Türkmenistanda birnäçe ýyllaryň dowamynda netijeli işleri alyp barýar. Geçen döwürde bilelikde işlemegiň baý tejribesi toplandy.
Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, döredijilik çykyşlaryna orun berildi. Dabara gatnaşyjylar türkmen, iňlis we rus dillerinde goşgy aýdýan çagalaryň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar tans toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Hemmeler Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli taýýarlanan meýdançalara aýlanyp gördüler. Bu ýerde BMG-niň düzüm birlikleriniň meýdançasy hem gurnalypdyr. Dabara gatnaşyjylar bu ýerde olaryň taýýarlan çykyşlaryna tomaşa etdiler. «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalarynyň şowhunly tanslary, ýol ugrunda guralan intellektual oýunlar has-da täsirli boldy. Bagy-bossanlyga bürenen, dürli oýun meýdançalaryny özünde jemleýän seýilgäh şadyýan aýdym-sazly çykyşlar arkaly bu ýere gelenleriň ruhuny göterdi. Ajaýyp baýramçylyk çärelerine gatnaşýan ähli çagalara süýji doňdurmalar paýlanyldy.
«Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde geçirilen dabaralar Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dürli bäsleşikleriň jeminiň jemlenilmegi bilen tamamlandy. Deň-duşlaryndan has tapawutlanyp, üstün çykan çagalara sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde ähli çagalara, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan körpelere, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan süýjülik sowgatlar, ter miweler gowşuryldy. Bu pursatlar çagalarda ýatdan çykmajak duýgulary döretdi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly dabara guraldy. Dabara gatnaşýan bagtyýar çagalaryň şatlyk-şowhuny aýdym-sazlaryň owazyny has-da belende göterdi. Ýerine ýetirilen çykyşlarda ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işler, asuda Watanymyz, bagtyýar çagalyk belentden wasp edildi.