«Aşgabat» stadionynda geçiriljek daşary ýurtly estrada ýyldyzlarynyň konsertine barjak tomaşaçylaryň amatlylygy üçin goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýuldy. 9-njy oktýabrda günüň ikinji ýarymynda stadionyň duralgasyna ýene-de iki ugur boýunça awtobuslar barar.
Bellenilişi ýaly, Bagtyýarlyk köçesiniň ugrundaky duralga, ozal hem bolşy ýaly, iki ugur boýunça awtobuslar barýar. Gurtly — Kardiologiýa merkezi ugurly 142-lik awtobus oňa diňe Gurtludan gelen wagty barýar. Awtokombinat — Arkadag myhmanhanasy ugurly 57-lik awtobus bolsa Awtokombinatdan gelende şol duralgada saklanýar.
9-njy oktýabrda sagat 14:00-dan başlap «Aşgabat» stadionynyň duralgasyna Gurtly — Parahat ugurly 14-lik awtobus we Wokzal — Arkadag myhmanhanasy ugurly 54-lik awtobus hem barar.
14-lik awtobus her 7 minutdan, 54-lik belgili ulag her 14 minutdan, 57-lik awtobus her 10 minutdan, 142-lik belgili ýolagçy ulagy bolsa her 25 minutdan gatnar.
