Aşgabadyň Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi guraldy.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýaşulular, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk ýörişi Watanymyzyň bagtyýarlygynyň, okgunly ösüşleriniň beýany bolup dabaralandy. Çünki eziz Diýarymyzyň özygtyýarlylygynyň nusgasyna öwrülen dabarada Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri aýdyň şöhlelendi.

