Hytaýda ýokary bilim almak üçin resminamalar kabul edilip başlandy

MilliInfo

17 Iýun, 2026

Hytaýda ýokary bilim almak üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Aşgabatdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň Sinjan-Uýgur awtonom sebitiniň okuw mekdeplerinde ýokary bilim almak isleýän Türkmenistanyň raýatlaryndan resminamalary kabul etmek kampaniýasyna badalga berildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maglumatlaryna görä, resminamalary tabşyrmak şu ýylyň 21-nji iýunyna çenli dowam eder. Tabşyrylan resminamalarynyň netijeleri boýunça ýokary baha alan dalaşgärler bilen söhbetdeşlik 23-nji iýunda umumybilim dersleri boýunça geçiriler.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

  • Raýatlygy: Türkmenistan.

  • Ýaşy: 18-den 25-e çenli.

  • Bilimi: doly orta bilim hakyndaky attestatynyň ýa-da orta hünär bilimi hakyndaky diplomynyň bolmagy.

  • Dil bilimi: iňlis dilini hökmany bilmek.

Okadylýan ugurlaryň doly sanawy, bölünen orunlaryň sany, şeýle hem okamagyň we ýaşamagyň jikme-jik şertleri Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetin binasyndaky kabul ediş toparynda berilýär.

Tabşyrylmaly resminamalaryň sanawy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web-saýtynda çap edildi.

Bäsleşikli seçip alyş tapgyryna gatnaşmak isleýänler bellenen möhlete — 21-nji iýuna çenli resminamalaryny tabşyrmaga we anketalary doldurmaga ýetişmelidirler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info