23-nji ýanwarda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ýaşyl» energetikanyň ösüşine bagyşlanan milli media bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanda «ýaşyl» energetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri (GDEÇ) hem-de energiýa netijeliligi bilen bagly temalarda çap edilen žurnalistik materiallary öz içine aldy. Bu başlangyç «Türkmengaz» Döwlet konserni, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) we «Nebit-gaz» gazetiniň hem-de «Ussatnews» saýtynyň redaksiýalary bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
Bäsleşik 2025-nji ýylyň maýynda badalga alyp, jemgyýetiň durnukly energetika çözgütleri baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle-de ekologiýa, energiýany tygşytlamak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde Türkmenistanyň ileri tutýan milli ugurlaryny goldamaga gönükdirildi.
Şunlukda, birinji ornuň eýelerine daşary ýurtlara tanyşdyryş okuw saparyna gatnaşmak üçin sertifikatlar gowşuryldy. Ikinji we üçünji orunlary eýelän gatnaşyjylar bolsa ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy. Sylaglar «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi ugrunda: Syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça çäreler (2024–2029)» atly taslamanyň çäklerinde berildi. Bu taslama Ýewropa Bileleşigi hem-de Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýär we «Ýaşyl Merkezi Aziýa II» atly sebit maksatnamasynyň çäklerinde GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýär.
Sylaglamak dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» Döwlet konserniniň, ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri gatnaşdy.
«Media başlangyçlary durnukly ösüş bilen bagly meseleler boýunça jemgyýetiň düşünjesini ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. «Ýaşyl» energetika babatda professional žurnalistikany goldamak arkaly biz howa we energiýa meseleleri boýunça açyk dialogyň we tejribe alyşmagyň giňelmegine goşant goşýarys» — diýip GIZ-iň wekili belledi.