Şu gün — 30-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Global ekologiýa gaznasynyň (GEG) «Biologik köpdürlüligi maliýeleşdirmek meýilnamalaryny işläp düzmäge goldaw bermegiň toplumlaýyn maksatnamasy» atly taslamasynyň çäklerinde maslahat beriş seminary geçirildi.
Duşuşykda milli edaralaryň wekillerine kadalaşdyryjy-hukuk we institusional gurşawa synyň ilkinji netijeleri hem-de ýurtda biologik köpdürlülik üçin çykdajylaryň synynyň deslapky netijeleri tanyşdyryldy.
Taslamada halkara BIOFIN usulyýeti ulanylýar. Ol ýurduň maliýe zerurlyklaryna baha bermäge, döwlet we hususy pudaklaryň häzirki çykdajylaryny seljermäge, şeýle hem Kunming-Monreal global maksatnamasyna laýyklykda tebigaty goramak üçin serişdeleriň ýetmezçiligini azaltmagyň ýollaryny tapmaga kömek edýär.
«BIOFIN usulyýetiniň ulanylmagy Türkmenistana zyýanly subsidiýalardan kem-kemden ýüz öwürmek, bar bolan serişdeleri has netijeli paýlamak we tebigaty goramak ugruna innowasion maýa goýumlaryny çekmek üçin seljeriş binýadyny döredýär» diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky ekologiýa portfeliniň maksatnama seljerijisi Farhat Orunow belledi.
Hünärmenlerden alnan teklipler seljeriş işlerini kämilleşdirmäge ýardam eder. Bu maglumatlar zerur serişdelere baha bermek we Biologik köpdürlüligi maliýeleşdirmegiň milli meýilnamasyny düzmek, şeýle hem ony döwlet býujetine we dolandyryş ulgamyna integrasiýa etmek üçin esas bolar.
