Sagdyn enelik we howanyň durnuklylygy meselelerini kadalaşdyryjy namalara girizmek ara alnyp maslahatlaşyldy

MilliInfo

1 sagat öň

Sagdyn enelik we howanyň durnuklylygy meselelerini kadalaşdyryjy namalara girizmek ara alnyp maslahatlaşyldy

BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda «Sagdyn enelik we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselelerini kadalaşdyryjy namalara girizmek» diýen tema boýunça pudagara tegelek stol geçirildi. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan UNFPA bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasyndaky 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasynyň çäklerinde guraldy.

Duşuşygyň esasy maksady aşa yssy howanyň we klimatyň üýtgemeginiň enäniň saglygyny we reproduktiw saglygy goramak boýunça bilelikdäki tekliplere seretmekden, şeýle-de saglygy goramak boýunça klimata uýgunlaşmaga gönükdirilen çäreleri milli strategiýalara, zähmet kanunçylygyna we ekologiýa maksatnamalaryna girizmek boýunça pudagara ýol kartasyny işläp düzmekden ybarat boldy. Tegelek stoluň işine Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Adalatçynyň Diwanynyň, şeýle hem BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) wekilleri gatnaşdylar.

Tegelek stoluň dowamynda oňa gatnaşyjylar aşa yssynyň reproduktiw saglyga we ene saglygyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar, ilatyň ejiz toparlaryny goramak meselelerini Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenýän goşantlaryna we Milli uýgunlaşdyryş meýilnamalaryna girizmek meselelerine seretdiler, şeýle hem kanunçylyk we kadalaşdyryjy namalara üýtgeşmeler girizmek boýunça pudagara ýol kartasyny işläp düzmek boýunça tehniki sessiýany geçirdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info