Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýurduň maliýe bazaryny ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen bilelikdäki taslamasynyň çäginde, 30-njy aprelde Aşgabatda şol ministrligiň hem-de Aşgabadyň gazna biržasynyň hünärmenleri üçin okuw maslahaty geçirildi.
Maslahatyň dowamynda BMGÖM-iň bilermenleri gatnaşyjylary gymmatly kagyzlar bazarynyň işlemeginiň esasy ugurlary, şol sanda maýadarlaryň we gymmatly kagyzlary çykarýan kompaniýalaryň hukuklaryny goramagyň hem-de gymmatly kagyzlar bazaryndaky maýa goýum işiniň halkara tejribesi, şeýle-de bazary ösdürmekde halkara standartlaryň orny bilen tanyşdyrdylar.
Bu çäre açyk söhbetdeşlik meýdançasyna öwrülip, onuň dowamynda Aşgabadyň gazna biržasynyň işiniň dürli aýratynlyklaryna hem seredildi.
Bu başlangyç institusional we kadalaşdyryjy binýady pugtalandyrmak boýunça BMGÖM bilen milli hyzmatdaşlaryň arasyndaky yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy aňladýar. Taslamanyň çäginde kanunçylygy kämilleşdirmäge, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň strategiýasyny işläp düzmäge, hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmaga, täsirli institusional gurluşy kemala getirmäge we depozitar ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
