Aşgabatda Türkmenistanyň Demografik durnuklylygy boýunça Milli strategiýasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy

MilliInfo

2 sagat öň

Aşgabatda Türkmenistanyň Demografik durnuklylygy boýunça Milli strategiýasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy

27–29-njy iyulda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Türkmenistanyň Demografik durnuklylygy boýunça Milli strategiýasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi. Bu çäre BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny hem-de UNFPA-nyň 2026–2030-njy ýyllar üçin Ýurt maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde guraldy. Duşuşyk UNFPA-nyň halkara geňeşçisi Ýelena Aleksandrowna Zotowanyň gatnaşmagynda geçirildi.

Üç günüň dowamynda esasy degişli hökümet edaralarynyň —Bilim ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşiginiň wekilleri ýurduň demografik syýasatynyň strategik ugurlaryny düzmek boýunça bilelikdäki işleri alyp bardylar.

Duşuşygyň easy maksady subutnama binýadyny we strategik resminany amala aşyrmagyň mehanizmlerini döretmek üçin milli hyzmatdaşlaryň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki demografik tendensiýalaryň hemmetaraplaýyn seljermesi, ilatyň gurluşy, adam maýasynyň ösüşi hem-de ýaşlaryň we aýallaryň ykdysadyýete gatnaşmagy ýaly meselelere seretdirler, şeýle hem ilatyň 2050-nji ýyla çenli ösüş çaklamasy bilen tanyşdylar.

Demografik üýtgeşmeleriň bilim, saglygy goraýyş, durmuş taýdan goramak we zähmet bazary ulgamyna ýetirýän täsirine baha bermäge aýratyn üns berildi. Amaly sessiýalaryň dowamynda duşuşyga gatnaşyjylar strategiýanyň esasy ugurlary boýunça teklipleri taýýarladylar. Olaryň maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, sagdyn garramak, şeýle-de ilatyň demografik sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça teklipler bar.

Üç günlük duşuşygyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar Milli strategiýanyň taslamasynyň esasy duzgünleri, onuň esasy görkezijileri, pudagara utgaşdyrmanyň mehanizmleri boýunça ylalaşdylar, şeýle hem resminamany tassyklamaga taýýarlamak boýunça indiki ädimleri kesgitlediler. Demografik durnuklylygy boýunça Milli strategiýanyň döredilmegi Türkmenistanyň uzak möhletleýin durmuş-ykdysady ösüşini we Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetilmegini üpjün etmekde möhüm ädim bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info