14-nji oktýabrda Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Ýewropanyň bilim gaznasy (ÝBG) tarapyndan durmuşa geçirilýän DARYA («Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň bähbidine dialog we hereketler») sebit başlangyjynyň ýokary derejeli toparynyň bäşinji mejlisi öz işini tamamlady.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýardam bermeginde geçirilen iki günlük forum «Hazarüsti ulag geçelgesi üçin hünär başarnyklaryny ösdürmek» diýen mowzuga bagyşlandy.
Çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim hem-de zähmet ministrleriniň orunbasarlary, Ýewropanyň bilim gaznasynyň direktory Pilwi Torsti, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Lýuk Dewin, şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) hem-de ulag-logistika pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň birinji gününde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew we zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Halbibi Täçjanowa hünärmenleri taýýarlamak hem-de ulag arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlary barada çykyş etdiler.
Maslahatlaryň dowamynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekilleri degişli pudaklar üçin hünärmenleri taýýarlamagyň usullary barada giňişleýin maglumat berdiler.
Şeýle hem wekiliýetleriň agzalary Aşgabat şäherindäki gurluşyk orta hünär okuw mekdebine baryp, bilim edarasynyň iş berijiler bilen alyp barýan amaly hyzmatdaşlygy we ussahanalaryň maddy-enjamlaýyn binýady bilen tanyşdylar.
Mejlisiň ikinji gününiň esasy netijeleriniň biri 2027-nji ýylda DARYA maksatnamasy tamamlanandan soňky döwür üçin hünär başarnyklaryny ösdürmegiň Sebitleýin ýol kartasynyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boldy.
Türkmenistanyň adyndan Azat Ataýew Bilim ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de TULM assosiasiýasynyň bilelikdäki garaýşyny beýan etdi. Ol 2028-nji ýyldan başlap, üç sany ileri tutulýan ugur boýunça işleri durmuşa geçirmegi teklip etdi.
Bu ugurlar birnäçe döwlet üçin umumy hünär profillerini işläp taýýarlamagy, ilkinji nobatda, logistika analitigi hünärinden başlamagy, zähmet bazarynyň zerurlyklaryna deňeşdirme seljermesini geçirmegi, şeýle hem bilermenler ulgamynyň üsti bilen mugallymlary we tälimçileri taýýarlamak üçin modully okuw maksatnamalaryny döretmegi öz içine alýar.
