Aşgabatda geçen seminar Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmaga taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy

MilliInfo

25-26-njy martda Türkmenistanyň paýtagtynda ÝHHG-niň merkeziniň guramagynda iki günlük seminar geçirildi. Çäre bäsdeşligi goramak we netijeli söwda syýasatyny işläp taýýarlamak boýunça öňdebaryjy halkara tejribäni paýlaşmaga bagyşlandy. Bu bolsa ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmaga taýýarlygynyň möhüm tapgyry bolup durýar.

Seminara gatnaşyjylar bazarlary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek boýunça global ugurlary, kartel ylalaşyklaryny ýüze çykarmagyň usullaryny hem-de agalyk ediji orundan hyýanatçylykly peýdalanmaga garşy göreşmegiň ýollaryny öwrendiler. Şeýle hem sanly platformalara aýratyn üns berildi — olara monopoliýalaşmagyň mümkin bolsn çeşmesi hökmünde garalyp, şeýle töwekgelçilikleri peseltmek üçin düzgünleşdiriji çäreler maslahatlaşyldy.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň wekili Oliwera Zurowak-Kuzman monopoliýa garşy mehanizmleri pugtalandyrmagyň diňe ykdysady zerurlyk bolman, eýsem, açyklygy we kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge hem ýardam berýändigini belledi.

Seminara Mejlisiň deputatlary, degişli ministrlikleriň wekilleri, maliýe guramalarynyň hünärmenleri we ýokary okuw mekdepleriň bilermenleri gatnaşdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info